Kitap — paýhas çeşmesi

6 Iýul 2022
2241

«Kitaby söýýän adamyň durmuşy gözeldir!» diýlen dana söz bar. Hawa, kitap — biziň durmuşymyzyň, bezegi, ol — biziň ruhy hazynamyz. Akyldarlar, ýazyjy-şahyrlar onuň jadylaýjy güýji, durmuşda ynsany terbiýelemekdäki orny hakda ençeme parasatly sözleri miras goýupdyrlar.

Ajaýyp zamanada kitaphanalaryň esasy hazynasy hasaplanýan kitaplaryň jemgyýetiň, hususan-da, ýur-dumyzyň geljegi bolan ýaşlaryň aň-düşünjesini özgertmekdäki orny juda ýokarydyr. Tehnologiýalaryň ösen döwründe kitaphanalarda ýerleşdirilýän elektron kitaplar okyjylar köpçüligi tarapyndan giňden peýdalanylýar. Kitaplaryň ýaş nesilleri watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde, olaryň dünýägaraýşyny ösdürmekde, ata Watanyna, ene topragyna bolan söýgüsini has-da artdyrmakda ähmiýetiniň uludygyny bellemelidiris.

Amansoltan ATAÝEWA,
Balkanabat şäheriniň merkezi kitaphanasynyň bölüm müdiri.