Ýaş mugallymlara ýüzlenme! Türkmen pedagogy

27 Iýun 2022
1739

«7/24.tm»,№ 26 (109), 27.06.2022

 Bilýäniňi öwretmegiň, öwrenmekden has kyndygyny hemmelerden beter mugallymlar gowy bilýändir. Bu babatda olaryň hersiniň özboluşly usullarynyň, iş aýratynlyklarynyň bardygyna ynanýarys. «Türkmen pedagogy» ady bilen hereket etjek täze rubrika hem ýurdumyzyň mugallymlarynyň özara tejribe alyşmagyna mümkinçilik berer. Redaksiýamyza gelip, täze rubrika açmagy teklip eden Döwranguly Annagulyýewiň mugallymdygyna, Balkanabat şäherindäki  ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdepde işleýändigine göz ýetiremizsoň, redaksiýamyzyň döredijilik topary onuň bilen ýakyndan tanyşmaga döwtalap boldy. Döwranguly mugallym bolsa munuň üçin ilki bilen «Mugallyma ýüzlenme» atly makalasyny okamagy maslahat berdi. Bizem täze rubrikany onuň döremegine sebäp bolan mugallymyň makalasy bilen açyp, ýurdumyzyň ähli mugallymlaryny özboluşly tejribeden, usullardan söhbet açýan materiallar bilen çykyş edip durmaga çagyrýarys!