Ylym-bilim — müdimi baýlyk

6 Aprel 2022
1362

Ýurdumyzda ýaş nesle döwrüň ösen talaplaryna laýyk bilim we terbiýe bermekde milli ruha ýugrulan, taryhy döwürleriň içinde gaýnap, durmuşyň synaglaryndan geçip, biziň günlerimize çenli gelip ýeten milli edep-terbiýe mekdebini ýörelge edinmek, şonuň bilen birlikde, ösen döwletleriň bilim ulgamyny dolandyrmakdaky tejribesine daýanmak asylly däbe öwrüldi. Halkymyzda: «Diňe bir okan däl, okan adamlary diňlän hem bihal däldir!» diýen ýerlikli jümle bar. Bu gürrüňiň manysy şu rowaýatda has aýdyň beýan edilýär.

Haktagala Jebraýyl perişdä günäsi sogaplaryndan artyk gelen bendesini ýalkamak maksady bilen şol bendäniň ömründe alymlar bilen söhbetdeş bolup görendigini bilmegi tabşyrypdyr. Ol bende ýolda alym bilen ýoldaş bolmandygyny aýdypdyr. Ýene-de bendeden:

Aýgözel NURMÄMMEDOWA,
talyp.