Guýularda parafiniň emele gelmeginiň sebäpleri we ony arassalamagyň ýollary

31 Ýanwar 2022
1790

Gatlagyň nebit berijiliginiň peselmegine getirýän sebäpleriň biri nebitiň düzüminden parafiniň bölünip çykmagydyr. Şonuň netijesinde öýjükli kanallaryň bir bölegi dykylýar. Nasos-kompressor turbalarynyň (NKT) içki diwarynda, agyz üst enjamlarynda we çykaryş turbalarynda parafin gatlagynyň emele gelmegi suwuklygyň geçiriş kesigini kiçeldýär we onuň akymyny peseldýär.

Parafin gatlaklarynyň emele gelmegi nebit senagatynda ulanylýan enjamlaryň işini çylşyrymlaşdyrýar we nebit çykarmakda, daşamakda hem-de saklamakda özboluşly päsgelçilik döredýär, nebitiň özüne düşýän gymmatyny ýokarlandyrýar. Parafin gatlagy ýaga meňzeş suwuklykdan gatan derejesine çenli ýeten garamtyl massa görnüşde bolup, düzüminde parafinden başga-da ep-esli derejede şepbigiň mukdaryny, suwy we mineral bölejikleri saklaýar. Adaty şertlerde parafinler gaty kristal jisim görnüşde duş gelse, ýer gatlagynda, köplenç, nebitiň düzüminde erän görnüşde bolýar.

Resul AMANTAGANOW,
Balkanabat şäheriniň nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň talyby.