Ylym — rowaçlyklaryň badalgasy

26 Ýanwar 2022
1857

Gahryman Arkadagymyzyň aladalary netijesinde, ýurdumyzda Ylymlar akademiýasynyň işiniň ýola goýulmagy, aspiranturalaryň we doktoranturalaryň döwrüň talaplaryna laýyk işlemegi, şeýle-de ýokary okuw mekdeplerinde ylmy merkezleriň döredilmegi bilen ylym ulgamynda täze sepgitlere ugur alyndy.

Ylmy-tehniki ösüşleriň yzygiderli ýokarlanmagyny gazanmakda ýaşlaryň paýyna köp zatlaryň düşýändigi bellidir. Ýurdumyzyň ylym ulgamyny ýokary derejelere götermäge gönükdirilen işleriň hatarynda dünýäniň ylmy giňişligine çykmaga ukyply ýaş alymlarymyzyň neslini kemala getirmek meselesine hem uly üns berilýär. Türkmen oba hojalyk institutynda hem bu babatda düýpli işler amala aşyrylýar. Ýaş alymlar we hünärmenler tarapyndan oba hojalygyny ösdürmek, talyplara ylmy esasda bilim bermek, ylmy barlaglary alyp barmagyň usullary, ylmy-önümçilik tejribelikleriň geçirilişi barada giňişleýin maglumatlar berilýär.

Begenç MUHAMMEDOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.