Hyzmatdaşlyk ösdürilýär

10 Dekabr 2021
1024

9-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkini kabul etdi.

Myhman duşuşmaga wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, milli Liderimize Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň aýdan mähirli sözlerini we tutuş türkmen halkyna abadançylyk, gülläp ösüş baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Igor Babuşkiniň belleýşi ýaly, Russiýada ýokary ykdysady görkezijileri gazanýan Türkmenistan bilen däp bolan dostluk gatnaşyklarynyň, köpýyllyk hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de berkidilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.