Gazçylaryň zähmet sowgady

10 Dekabr 2021
989

Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň gaz senagaty milli ykdysadyýetimiziň öňdebaryjy we iri pudaklarynyň biri bolup, hormatly Prezidentimiziň ýadawsyz tagallalary bilen depginli ösdürilýär. Bu pudakda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler eşret çeşmesi bolan tebigy gaz bilen üpjünçiliginde uly ähmiýete eýe bolýar. Ajap eýýamymyzda tebigy gazyň akymynyň artdyrylmagyna gönükdirilen giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Mawy ýangyja baý täze gaz ýataklarynyň üsti açylyp, olaryň senagat taýdan özleşdirilmeginde iňňän uly işler bitirilýär.

“Marygazçykaryş” müdirliginiň zähmetsöýer gazçylaram çykarylýan gazyň ygtybarly akymyny üpjün etmekde yzygiderli aladalanýarlar. Müdirligiň gazçykaryjylary alynýan tebigy gazy gaýtadan işläp, onuň hiliniň ýokary talaba laýyklygyny gazanmakda döredijilikli zähmet çekýärler. Ýokary basyşly gazyň akymy bilen iş salyşmak hemişe örän jogapkärli wezipe bolup durýar. Beýle diýildigi mawy ýangyjyň ýokary basyşly akymy bilen iş salşylanda tehnologiki düzgün-nyzamyň, ýangyn howpsuzlygynyň we tehniki howpsuzlygyň kadalarynyň berk berjaý edilmelidigini aňladýar. Müdirligiň gazçylary Garagum çölüniň dürli künjeklerindäki gaz ýataklarynda tutanýerli zähmet çekip, tebigy gazyň akymynyň ýokarlanmagyna özleriniň saldamly goşantlaryny goşýarlar.