Dost-doganlyk ýollary

7 Dekabr 2021
1155

Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda häzirki zaman ulag-aragatnaşyk ulgamlarynyň döredilmegi hormatly Prezidentimiz tarapyndan durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Häzirki wagtda milli Liderimiziň baştutanlygynda kabul edilen we durmuşa geçirilýän iri möçberli hem-de uzakmöhletleýin milli maksatnamalaryň ulag pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga, degişli düzümleri döwrebaplaşdyrmaga we ösdürmäge, ýokary derejeli işgärleri taýýarlamaga gönükdirilendigi munuň aýdyň subutnamasydyr. Ulagyň dürli görnüşleriniň kärhanalary üçin iň häzirki zaman tehnikalarydyr enjamlary yzygiderli satyn alynýar, awtomobil we demir ýollarynyň, beýleki düzümleýin desgalarynyň gurluşygy işjeň alnyp barylýar.

Ulag ulgamynda netijeli köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmek we giňeltmek hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Berkarar Watanymyzda demir ýollaryň, gara ýollardyr howa ýollaryň netijeli esasda ösdürilmegi hem-de olaryň halkara derejesindäki möhüm ýollara birikmegi we netijeli ulanylmagy babatda edilýän tagallalar bu ugurda aýratyn ähmiýete eýedir. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň bu babatdaky öňe sürýän döredijilikli başlangyçlary ählumumy goldawa we dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilmegine eýe bolýar. Munuň aýdyň mysallary hökmünde kabul edilen ençeme halkara resminamalary, şol sanda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen Kararnamalary görkezmek bolar. Gadymyýetde Gündogary Günbatar bilen birleşdiren Beýik Ýüpek ýoly häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen gaýtadan dikeldilip, hyzmatdaşlygyň ýoluna öwrülýär.

Taýly BAÝRAMDURDYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Ahal welaýaty boýunça müdirliginiň harby gullukçysy, leýtenant.