Dostlukly gatnaşyklar ösdürilýär

3 Dekabr 2021
1164

Dünýäniň ähli döwletleri, aýratyn-da, goňşy ýurtlar bilen söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan daşary syýasatyň binýadynda durýan ýörelgelerdir. Hepdäniň penşenbe güni Energetika ministrliginiň binasynda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky bäşinji mejlisi hem bu hakykatyň subutnamasyna öwrüldi.

Hökümetara toparyň işine iki dostlukly ýurduň esasy ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we işewür toparlarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Duşuşygyň gün tertibine döwletara ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişi hem-de Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

«Watan».