Halkara webinary

2 Dekabr 2021
1400

Golaýda Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy, hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygy, şeýle hem 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Parahatçylygyň medeniýeti» atly halkara webinary geçirildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi we Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan guralan bu webinara dünýäniň 15 ýurdundan 40-dan gowrak medeniýet ulgamynyň wekilleri gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary, Türkmenistanyň Gahrymany Ç.Rustemowa, Ukrainanyň Çagalar üçin milli kitaphanasynyň baş müdiri A.Gordiýenko, Ýerewanyň K.Stanislawskiý adyndaky Rus drama teatrynyň baş direktory M.Mhitarýan, Belarus döwleti filarmoniýasynyň baş direktory A.Nikita we başgalar çykyş etdiler. Webinara gatnaşyjylar öz çykyşlarynda şeýle halkara çäreleriniň geçirilmeginiň özeninde diňe bir halkara medeni gatnaşyklary berkitmekde däl, eýsem, parahatçylygy we durnuklylygy gazanmakda hem aýratyn ähmiýetiniň bardygyny bellediler. Şeýle-de edebiýatyň we sungatyň bolan ýerinde parahatçylyga, agzybirlige, hoşniýetlilige we medeni hyzmatdaşlyga tarap ymtylyşyň döreýändigini çykyş edenler nygtadylar.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar türkmen halkynyň milli däp-dessurlaryny gorap saklamakda we ösdürmekde amala aşyrýan hemmetaraplaýyn tagallalary üçin hormatly Prezidentimize alkyşly sözlerini aýtdylar.

Ýörite habarçymyz.