Möhüm ulgam üçin kämil hünärmenler taýýarlanylýar

17 Noýabr 2021
1168

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda bellenilişi ýaly, Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň Merkezi Aziýanyň geosyýasy we geoykdysady taýdan örän amatly sebitinde ýerleşmegi ulag-üstaşyr geçelgeleriniň dünýä ähmiýetli ulgamyny döretmäge mümkinçilik berýär. Şoňa görä-de, milli Liderimiziň parasatly başlangyçlarynyň esasynda, bu ulgamy ösdürmek boýunça ýurdumyz we halkara guramalary tarapyndan amala aşyrylýan işler, kabul edilýän çözgütler tutuş adamzadyň geljegini nazarlap, derwaýys ädimlere badalga berýär. Bu barada aýdylanda, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny», «Durnukly köpugurly ulag-üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegine ýardam bermek maksady bilen, ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üpjün edilmegi ugrunda», «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda, ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek», «Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnamalaryň kabul edilmegini bellemek bolar. Bularyň ählisi hormatly Prezidentimiziň oýlanyşykly we öňdengörüjilikli ulag diplomatiýasynyň halkara hyzmatdaşlykda aýratyn ähmiýete eýe bolup durýandygyny tassyklaýar.

Belläp geçişimiz ýaly, ulag-üstaşyr geçelgeleri ulgamyny ösdürmekde ýurdumyzyň içinde amala aşyrylýan işler hem örän köp. Şonda Demirgazyk — Günorta halkara demir ýolunyň gurulmagy, Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman halkara awtoulag ýolunyň taslamasynyň durmuşa geçirilmeginiň dowam etdirilmegi, Türkmenbaşynyň halkara deňiz portunyň işe girizilmegi we beýlekiler bu ugry çalt depginler bilen ýokary derejelere götermäge gönükdirilýär. Bu Merkezi Aziýany Hazar deňzi, Orta we Ýakyn Gündogar, Gara deňiz hem-de Baltika sebitleri bilen birleşdirmäge hyzmat edýän halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm basgançagydyr.

Mirhan TUWAKOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy.