Gazçylarymyz hakdaky alada

17 Noýabr 2021
1079

Bagtyýar zamanamyzda halk hojalygymyzyň beýleki pudaklary bilen birlikde gaz senagaty hem ösüşli döwri başdan geçirýär. Senagat taýdan özleşdirilýän gaz ýataklary tebigy gazyň çykarylyşyny artdyrmaga mümkinçilik berýär. Kärhanamyzyň sürüjileri “Marygazçykaryş” müdirliginiň gazçylaryna ulag hyzmatyny edip, olaryň öndürijilikli zähmet çekmeklerine goldaw-ýardam berýärler. Ulaglar kärhanamyzyň zähmetsöýer adamlary gazçylaryň zerur ýüklerini, dürli enjamlarydyr turbalary daşamakda, gazçylary işe gatnatmakda yzygiderli aladalanýarlar.

Kärdeşler arkalaşygy guramamyz tarapyndan işgärlerimiz hakynda uly alada edilýär. Olaryň iş we durmuş şertlerini gowulandyrmakda, howpsuz zähmetiň üpjün edilmeginde degerli çäreleri durmuşa geçirýäris. Işgärlerimize ýörite egin-eşiklerdir aýakgaplaryň wagtly-wagtynda berilmegi ugrunda aladalanýarys. Şu we beýleki tagallalarymyz ulaglar kärhanamyzda ýokary netijeleriň gazanylmagyna saldamly goşant bolýar. Şu günler bolsa ulaglar kärhanamyzyň adamlary Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylyny uly üstünlikler bilen jemlemegi maksat edinýärler.