Sanly ulgamda hyzmatdaşlyk

15 Noýabr 2021
1143

Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmekde netijeli işler alnyp barylýar. Golaýda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hem hormatly Prezidentimiziň garamagyna Maglumata elýeterlilik merkezini döretmek bilen bagly teklipler edildi. Koreýa Respublikasynyň Ylym we maglumat tehnologiýalary ministrliginiň bu teklibi ýurdumyzyň Bilim ministrligi tarapyndan öwrenildi we oňlanyldy. Hormatly Prezidentimiz teklibi makullap, koreýaly hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikdäki täze taslamanyň iki dostlukly ýurduň arasynda uzak möhletleýin, özara bähbitlilik esasynda guralýan hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly goşant boljakdygyny belledi.

Sanly bilim ulgamyny ösdürmek bilen bagly işler häzirki wagtda ýurdumyzda üstünlikli amala aşyrylýar. Şunda dünýä döwletleri bilen bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi aýratyn ähmiýete eýedir. Bu bolsa öz gezeginde bilim edaralarynyň işini kämilleşdirmekde, bilim berlişini elektron maglumatlar bilen üpjün etmekde, bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmakda möhümdir. Maglumata elýeterlilik merkeziniň döredilmegi ýurdumyzyň sanly bilim ulgamynyň tehnologiýa we innowasiýa esasynda ösdürilmegine, häzirki zaman elektron okuw-usulyýet binýadynyň döredilmegine, raýatlaryň elektron bilim gorlaryna elýeterliligini üpjün etmek arkaly olaryň web-dizaýn, programmirleme boýunça sowatlylygyny artdyrmak ýaly ugurlarda uly ýardam edýär.

Mähri HOJAMUHAMMEDOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.