Kä­mil ara­gat­na­şyk — ösü­şiň esa­sy şer­ti

12 Noýabr 2021
1263

Öň­ňin, 10njy no­ýabr­da paý­tag­ty­myz­da­ky Söw­dase­na­gat eda­ra­syn­da öz işi­ne baş­lan te­lea­ra­gat­na­şyk, te­le­met­ri­ýa, ha­bar be­riş til­si­mat­la­ry­nyň we te­le­ra­dio­ýaý­ra­dyş en­jam­la­ry­nyň «Türk­men­tel — 2021» at­ly XIV hal­ka­ra on­laýn mas­la­ha­ty hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da, äh­li ul­gam­lar bi­len bir ha­tar­da, Türk­me­nis­ta­nyň ara­gat­na­şyk ul­ga­my­nyň hem hä­zir­ki za­man de­re­je­sin­de ös­dü­ril­ýän­di­gi­ni no­bat­da­ky ge­zek äş­gär et­di. Ýur­du­my­zyň ara­gat­na­şyk ul­ga­my­nyň hü­när­men­le­ri bi­len bir­lik­de, iki gün­lük hal­ka­ra mas­la­ha­ta on­laýn ter­tip­de gat­naş­an da­şa­ry ýurt­ly hyz­mat­daş­larda mu­ny aý­ra­tyn bel­le­di­ler. Düýn, 11nji no­ýabr­da «Türk­men­tel — 2021» at­ly XIV hal­ka­ra on­laýn mas­la­hat öz işi­ni do­wam et­di. Onuň çäk­le­rin­de «Ber­ki­di­len we öý­jük­li ara­gat­na­şyk ul­gam­la­ry: ara­gat­na­şy­gyň bi­te­wi mil­li ul­ga­my­ny dö­ret­mek, giň zo­lak­ly op­ti­kisü­ýüm­li 5G öý­jük­li ara­gat­na­şyk ul­gam­la­ry», «San­ly öz­gert­me­ler za­ma­na­syn­da mag­lu­mat howp­suz­ly­gy» ýa­ly ugur­lar bo­ýun­ça mej­lis­ler ge­çi­ril­di. Fo­rum ta­mam­la­nan­dan soň­ra, «San­ly çöz­güt — 2021» at­ly in­no­wa­si­ýa tas­la­ma­la­ry bäs­le­şi­gi­niň ýe­ňi­ji­le­ri­ni sy­lag­la­mak da­ba­ra­sy bol­dy.

Biz mas­la­ha­ta gat­na­şanla­ryň kä­bir­le­ri­niň çy­kyş­la­ry­ny oky­jy­la­ra ýe­tir­me­gi ma­kul bil­dik.

Ýazga geçiren Aý­my­rat PIR­JI­KOW.
«Türk­me­nis­tan».