Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi – Mer­ke­zi Azi­ýa bi­rin­ji Yk­dy­sa­dy fo­ru­my

7 Noýabr 2021
1054

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz 4-nji noýabrda san­ly ul­gam ar­ka­ly söw­da top­lu­my­nyň ýol­baş­çy­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da geçiren iş mas­la­ha­ty­nda Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry Ç.Gy­ly­jo­wy Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň paý­tag­ty Biş­kek şä­he­rin­de ge­çi­ril­ýän Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi — Mer­ke­zi Azi­ýa bi­rin­ji Yk­dy­sa­dy fo­ru­my­na gat­naş­mak üçin gul­luk iş sa­pa­ry­na ug­rat­mak ba­ra­da Buý­ru­ga gol çek­di. Oňa la­ýyk­lyk­da, wi­se-prem­ýer 5-nji no­ýabr­da Biş­kek şä­he­rin­de iş sa­pa­ryn­da bol­dy.

Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi — Mer­ke­zi Azi­ýa bi­rin­ji Yk­dy­sa­dy fo­ru­my se­bi­tiň ýurt­la­ry­nyň Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi bi­len söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry­ny pug­ta­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­lip, onuň çä­gin­de, esa­san, pan­de­mi­ýa­dan soň­ra ýurt­la­ryň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň çök­gün­li­gi ýe­ňip ge­çip, dur­nuk­ly ös­me­gi­ni üp­jün et­mek­de ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­mek, ýa­şyl yk­dy­sa­dy­ýe­te geç­me­giň dep­gi­ni­ni güýç­len­dir­mek, ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­ne gar­şy çä­re­le­ri dur­mu­şa ge­çir­mek, yn­san­la­ryň sag­ly­gyna we eko­lo­gi­ýa zy­ýan­syz iş gur­şa­wy­ny dö­ret­mek ýa­ly mö­hüm ugur­lar ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň prem­ýer-mi­nistr­le­ri­niň we Hö­kü­met ýol­baş­çy­la­ry­nyň de­re­je­sin­de ge­çi­ri­len bu fo­ru­ma söw­da top­lu­my­na gö­zeg­çi­lik ed­ýän wi­se-prem­ýer Ç.Gy­ly­jo­wyň ýol­baş­çy­lyk et­me­gin­de türk­men we­ki­li­ýe­ti hem gat­naş­dy. Şeý­le-de fo­ru­myň çäk­le­rin­de iki­ta­rap­la­ýyn gep­le­şik­le­riň hem bir­nä­çe­si ge­çi­ri­lip, de­giş­li yla­la­şyk­lar ga­za­nyl­dy.

«Biznes reklama».