Arkadagyň beýik başlangyçlary hoşniýetli diplomatiýanyň dünýä nusgalyk çelgileridir

12 Oktýabr 2021
940

Adamzadyň nurana geljeginiň we Ýer ýüzünde parahat ýaşaýşy berkarar etmegiň hatyrasyna 76 ýyl mundan ozal döredilen Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasy. Guramanyň iň ýokary wekilçilikli düzüminiň — Baş Assambleýanyň 76-njy mejlisiniň umumy geňeşmeleriniň hepdeliginiň ilkinji güni. Dünýäniň iň belent münberinden ilkinjileriň hatarynda türkmen Lideriniň täze teklipleri, başlangyçlary ýaňlanýar! Özi-de şahyr aýtmyşlaýyn, gyşlary bahara öwürýän, gülleden sözüň rüstemligini äleme aýan edýän beýik başlangyçlar! Şol başlangyçlaryň many-maňzynda owal-ahyr parahatçylygyň iň arzyly gymmatlykdygy, birek-birege ynamyň, düşünişmegiň, hyzmatdaşlygyň asuda dünýäni bina etmegiň ýeke-täk ýoludygy, diňe şeýle ýoluň ählumumy ösüşe eltýändigi hakdaky ideýa jemlenýär. Hormatly Prezidentimiziň dünýä ýaly giň göwnünden, täzeçil, pragmatik çemeleşmelerinden kemala gelýän şol teklipleriň ähmiýeti hem derwaýyslygy barada oýlanýarkaň, danalaryň biriniň: «Dünýä ýoldan, ýol ädimden, ädim bolsa ýagşy niýetden gözbaş alýar» diýen paýhasly sözleri seriňe dolýar...

Hawa, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň nobatdaky 76-njy mejlisindäki wideoýazgy çykyşy halkara jemgyýetçilikde, dünýäniň iri habarlar agentlikleriniň, internet neşirleriniň sahypalarynda giň seslenme tapdy. Munuň sebäbini biz hormatly Prezidentimiziň çykyşynyň häzirki zaman dünýäsiniň iň ýiti meseleleri boýunça anyk çözgütleri beýan edýändigi, parasatly syýasatçy hökmünde adamzadyň ýüzbe-ýüz bolýan müşgilliklerine göni seredip, olar babatda açyk hem köptaraplaýyn gepleşiklere çagyrýandygy bilen düşündirip bileris. Diňe teklip bermek ýa-da gepleşiklere çagyrmak bilen çäklenmän, öňe sürýän başlangyçlaryny ylmy taýdan delillendirip, olara iş ýüzünde amal etmek üçin gyzyklanma bildirýänleriň ählisini bir meýdançanyň başyna jemläp, anyk netijeleri gazanyp bilmegi — ine, türkmen Lideriniň diplomatiýasynyň aýratynlygy. Şol aýratynlyk bu gün Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugruna öwrülen lukmançylyk diplomatiýasynda hem açylýar.

Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».