Dost-doganlyk dünýä dolýar

29 Sentýabr 2021
1090

Geçen asyryň ahyrynda ata-babalarymyzyň arzuw-islegleri amala aşdy — eziz Türkmenistanymyz Garaşsyz, özbaşdak döwlet boldy. Bu gün bolsa taryh üçin örän gysga döwrüň içinde ýurdumyzyň asyrlara barabar geçen şöhratly ýoly, amala aşyrylan beýik işler, halkymyzyň durmuşynda bolup geçen özgerişlikler hakynda buýsanç bilen gürrüň edilýär. Sanlyja ýyllaryň içinde bitirilen işler, hakykatdan-da, uly möçberli we giň gerimlidir. Şeýle ösüşlerdir özgerişlikler bolsa hormatly Prezidentimiziň çuňňur parasada ýugrulan adyl syýasatlaryndan özüniň gözbaşyny alýar. Mukaddes Garaşsyzlyk dünýä döwletleri bilen deňli-derejeli hyzmatdaşlyk etmäge, halkara bileleşiginiň deňhukukly agzasy bolup, özbaşdak we erkin içeri we daşary syýasatlary ýöretmäge giň mümkinçilikleri açdy.

Keremli Biribaryň nazary düşen mekanyň dünýäniň çatrygynda ýerleşmegi ýakyndaky we alysdaky ýurtlara dost-doganlyk ýollaryny gurmaga amatly şertleri döretdi. Gahryman Arkadagymyzyň adalatly belleýşi ýaly, Türkmenistan gadymy Beýik Ýüpek ýoluny täze eýýamda, täze röwüşde, täze mazmunda gaýtadan dikeldýär. Munuň şeýledigine geçen şanly ýyllarynda Türkmenistanyň «Açyk gapylar» syýasatyny üstünlikli ýöretmegi hem ynandyryjylykly mysallaryň biridir. Hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary hem barha çuňlaşdyrylýar.

Pirguly KÖMEKOW,
welaýat gümrükhanasynyň hojalyk dolandyryş bölüminiň uly gözegçisi, maýor.