Türkmenistan — Russiýa Federasiýasy: dostlukly gatnaşyklar pugtalandyrylýar

27 Sentýabr 2021
1082

26-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Sankt-Peterburgyň (Russiýa Federasiýasy) gubernatory Aleksandr Beglowy kabul etdi. Ol Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza geldi.

Myhman Sankt-Peterburgyň ýaşaýjylarynyň hem-de hökümetiniň adyndan milli Liderimizi şanly sene bilen tüýs ýürekden gutlap, hormatly Prezidentimiziň parasatly we öňdengörüjilikli baştutanlygynda Türkmenistanyň özygtyýarly döwlet ösüşiniň ýolunda ajaýyp üstünlikleri gazanandygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz gutlaglar hem-de hoşniýetli arzuwlar üçin myhmana minnetdarlyk bildirdi. Netijeli häsiýete eýe bolan duşuşygyň çäklerinde uzak möhletleýin, özara bähbitlilik esasynda guralýan köpýyllyk hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň geljegi barada pikir alşyldy. Duşuşygyň ahyrynda A.Beglow hormatly Prezidentimizi we ähli türkmenistanlylary döwlet Garaşsyzlygynyň şanly senesi bilen ýene-de bir gezek gutlap, uly baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmagyň hem-de doganlyk türkmen halky bilen toý şatlygyny paýlaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny nygtady.

"Nesil".