Netijeli duşuşyklar

9 Awgust 2021
947

Geçen hepdäniň şenbe güni «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda taryhy wakalar bolup geçdi. Şu mynasybetli ýurdumyza köpsanly ýokary derejeli myhmanlar geldiler. Şol gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy.

Duşuşyklaryň barşynda döwlet Baştutanymyz belent mertebeli myhmanlary mähirli garşylap, ikitaraplaýyn esasda bolşy ýaly, köptaraplaýyn esasda hem halkara guramalaryň hem-de abraýly sebit düzümleriniň ugry boýunça üstünlikli ösdürilýän netijeli döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejeleri kanagatlanma bilen bellenildi.

«Aşgabat».