Sebitde durnuklylygy we yzygiderli ösüşi üpjün etmegiň ýoly bilen

9 Awgust 2021
913

6-njy awgustda Hazaryň kenarynda, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygy boldy. Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşmagyndaky ýokary derejedäki forum «Awaza» Kongresler merkezinde geçirildi.

Ir bilen hormatly Prezidentimiz «Awaza» Kongresler merkezine ugrady. Milli Liderimiz merkeziň eýwanynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň forumyna gatnaşmak üçin gelen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowy, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewi, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewi hem-de Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmony nobatma-nobat mähirli, doganlarça garşylady.

«Daşoguz habarlary».