Merkezi Aziýa — dostluk-doganlyk sebiti

9 Awgust 2021
1064

Merkezi Aziýa döwletleri bilen köpugurly gatnaşyklary pugtalandyrmak we mundan beýläk-de ösdürmek, bu babatda öňe sürlen başlangyçlary iş ýüzünde durmuşa geçirmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy we onuň bilen utgaşyklykda beýleki möhüm çäreler ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Sebit hyzmatdaşlygynda täze sahypany açan iri halkara çäreler ylalaşdyryjy merkez hökmünde umumadamzat bähbitli meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylýan, degişli çözgütleriň kabul edilýän mekany bolan Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň at-abraýyny ýene bir ýola dünýä doldurdy.