Türkmenistanyň Prezidentiniň BMG-niň öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň baştutany bilen duşuşygy

7 Awgust 2021
1030

Awaza, 6-njy awgust (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň hem-de Hazar deňziniň kenarynda guralýan beýleki halkara çärelere gatnaşýan BMG-niň Baş sekretarynyň ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Türkmenistandaky sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German bilen duşuşdy.

Milli Liderimiz BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Türkmenistandaky sebit merkeziniň ýolbaşçysyna ýurdumyzda geçirilýän halkara forumlara hem-de taryhy ähmiýetli şanly wakalara işjeň gatnaşýandygy üçin minnetdarlyk bildirip, Milletler Bileleşiginiň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini beýan etdi.