Ýurdumyzyň ulag-üstaşyr mümkinçilikleri

7 Iýul 2021
890

Dünýäniň ulag ulgamyna işjeň goşulmak Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Ýurdumyz iki yklymyň amatly çatrygynda ýerleşýän döwlet bolup, ulagyň ähli görnüşlerini ösdürmegiň uly mümkinçiliklerinden peýdalanýar.

Hormatly Prezidentimiz ygtybarly we howpsuz ulag-üstaşyr düzümini döretmek arkaly özara bähbitli ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge we halkara hyzmatdaşlygyny berkitmäge gönükdirilen giň gerimli taslamalary öňe sürýär. Halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek boýunça döwletimiziň başlangyçlary esasynda durmuşa geçirilýän bu taslamalar halkara söwdany ösdürmäge ýardam bermek bilen, ýurtlaryň arasynda ähli ugurlar boýunça köptaraplaýyn gatnaşyklary berkitmäge giň mümkinçilikleri döredýär.

Daýanç ANNADURDYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.