Sebitleýin hyzmatdaşlyk ugrundaky halkara mediaforum

2 Iýul 2021
1095

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň hoşniýetlilige, dost-doganlyga, ynanyşmaga esaslanýan daşary syýasaty dünýä giňişliginde özüniň oňyn ykraryna eýedir. Watanymyz dünýä ýurtlarynyň arasynda özara bähbitli söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ýola goýmakda köptaraplaýyn başlangyçlary öňe sürýän döwlet hökmünde tanalýar. 30-njy iýunda ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda syýasatşynaslaryň we žurnalistleriň gatnaşmagynda sebit hyzmatdaşlygyna bagyşlanyp geçirilen halkara mediaforum hem muňa aýdyňlygy bilen şaýatlyk edýär.

Türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça guralan bu çäre Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna, şeýle hem milli Liderimiziň teklibi boýunça BMG-ä agza ýurtlaryň goldaw bermeginde we biragyzdan kabul etmeginde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasyna laýyklykda, 2021-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegine bagyşlandy.

Gurbansähet GURBANSÄHEDOW,
«Nesil».