Özara bähbitli gatnaşyklar üstünlikli dowam etdirilýär

30 Iýun 2021
915

Parahatçylyga, döredijilige, ösüşe gönükdirilen içeri we daşary syýasatymyz döwletimizi hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösdürmegi hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ikitaraplaýyn bähbitli gatnaşyklaryň derejesini has-da gowulandyrmagy maksat edinýär. Munuň aýdyň mysaly hökmünde 29-njy iýunda hormatly Prezidentimiziň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen geçiren duşuşyklaryny görkezmek bolar.

Şol gün döwlet Baştutanymyz degişli yzygiderlilikde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Baş sekretary Hadi Soleýmanpury, «Lukoýl» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Wagit Alekperowy, «KAMAZ» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň baş direktory Sergeý Kogogini, Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň Baş sekretary Bagdat Amreýewi, Fransiýanyň meşhur «Bouygues Batiment International» kompaniýasynyň prezidenti — Baş direktory Marten Buigi, BMG-niň Baş sekretarynyň ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa Germany, «Altkom» maliýe-senagat toparynyň başlygy Aleksandr Tislenkony, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysynyň wezipesini ýerine ýetiriji, BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Kristina Weýgandy, Ukrainanyň «Interbudmontaž» gurluşyk assosiasiýasynyň müdiriýetiniň başlygy Wladimir Petrugy kabul etdi.

"Nesil".