Telefon arkaly söhbetdeşlikler

30 Iýun 2021
987

Öňňin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Russiýa Federasiýasynyň Federel Ýygnagynyň Federel Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Söhbetdeşlikleriň dowamynda dostlukly ýurtlaryň ýolbaşçylary milli Liderimizi doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlap, döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, abadançylyk we ýokary döwlet wezipesindäki jogapkärli hem-de köpugurly işinde täze üstünlikleri arzuw etdiler. Şunuň bilen baglylykda, dostlukly ýurtlaryň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýändiklerini nygtadylar. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ähli ugurlarda ajaýyp üstünliklere eýe boldy.