Türkmenistanyň Prezidentiniň we Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

30 Iýun 2021
1085

Aşgabat, 29-njy iýun (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Täjigistanyň Baştutany milli Liderimizi doglan güni bilen gutlady hem-de hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden berk jan saglygyny, abadançylyk we Garaşsyz Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan depginli ösdürmäge, halkyň hal-ýagdaýyny yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwlet işlerinde üstünlikler arzuw etdi.