Türkmenistanyň Prezidenti “KamAZ” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň baş direktoryny kabul etdi

30 Iýun 2021
1023

Aşgabat, 29-njy iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “KamAZ” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň baş direktory Sergeý Kogogini kabul etdi.

Russiýanyň iri kompaniýasynyň ýolbaşçysy wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Tatarystan Respublikasynyň Prezidentiniň mähirli salamyny hem-de milli Liderimize bagt, abadançylyk we häzirki döwrüň belent maksatlaryna ýetmegiň ýolunda üstünlikler gazanmak baradaky tüýs ýürekden çykýan arzuwlaryny ýetirdi. Pursatdan peýdalanyp, myhman döwlet Baştutanymyzy doglan güni bilen gutlady hem-de tüýs ýürekden berk jan saglyk, türkmen halkynyň bagtyýarlygynyň we abadançylygynyň bähbidine alyp barýan ägirt uly döwlet işinde täze üstünlikler arzuw etdi.