Türkmenistanyň Prezidenti “Bouygues Batiment International” fransuz kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

30 Iýun 2021
899

Aşgabat, 29-njy iýun (TDH). Türkmenistanyň Prezidenti “Bouygues Batiment International” fransuz kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Fransiýanyň meşhur “Bouygues Batiment International” kompaniýasynyň prezidenti — Baş direktory Marten Buigi kabul etdi.

Işewür wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy doglan güni hem-de şu günki şanly waka, “Arkadag” myhmanhana toplumynyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlady we milli Liderimize berk jan saglyk hem-de jogapkärli döwlet işinde täze üstünlikler arzuw etdi.