Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

30 Iýun 2021
894

Aşgabat, 29-njy iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretarynyň ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German bilen söhbetdeş boldy.

Hanym Natalýa German wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, milli Liderimizi doglan güni bilen gutlady we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de sebitde ykrar edilen parahatçylyk dörediji merkez hökmünde Bitarap Türkmenistanyň möhüm ornuny nygtady. BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy, şeýle hem döwlet Baştutanymyzy paýtagtymyzyň binagärlik keşbine görk goşan “Arkadag” myhmanhanasynyň açylmagy bilen gutlady.