Türkmenistanyň Prezidenti ÝUNISEF-niň wekilhanasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

30 Iýun 2021
1043

Aşgabat, 29-njy iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysynyň wezipesini ýerine ýetiriji, BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Kristina Weýgand bilen söhbetdeş boldy.

Iri halkara guramanyň wekili wagt tapyp kabul edendigi hem-de söhbetdeşligiň barşynda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak babatda döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, türkmen Liderini doglan güni bilen gutlady we döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, bagt, belent maksatlara ýetmekde üstünlikler arzuw etdi. Kristina Weýgand, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy “Arkadag” myhmanhanasynyň açylmagy bilen gutlady.