Türkmenistanyň Prezidenti “Altkom” toparynyň direktorlar geňeşiniň başlygyny kabul etdi

30 Iýun 2021
954

Aşgabat, 29-njy iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Altkom” maliýe-senagat toparynyň başlygy Aleksandr Tislenkony kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy doglan güni hem-de türkmen paýtagtynda “Arkadag” myhmanhanasynyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlady we milli Liderimize berk jan saglyk hem-de üstünlikler, täze taryhy eýýamyň ägirt uly meýilnamalaryny durmuşa geçirmekde egsilmez gujur-gaýrat arzuw etdi.