Türkmenistanyň Prezidenti “Interbudmontaž” assosiasiýasynyň müdiriýetiniň başlygyny kabul etdi

30 Iýun 2021
971

Aşgabat, 29-njy iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ukrainanyň “Interbudmontaž” gurluşyk assosiasiýasynyň müdiriýetiniň başlygy Wladimir Petrugy kabul etdi.

Myhman ikiçäk duşuşykda işewür hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, milli Liderimizi doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de döwlet Baştutanymyza bagt, abadançylyk we döwlet işinde üstünlikler arzuw etdi. Pursatdan peýdalanyp, işewür hormatly Prezidentimizi döwrebap “Arkadag” myhmanhana toplumynyň açylmagy bilen gutlady.