XXI asyr: innowasion özgertmeleriň ugry bilen

18 Iýun 2021
909

Milli Liderimiziň ylym we tehnologiýalar boýunça ýokary derejeli sammitdäki çykyşyndan soňky oýlanmalar

16-njy iýunda hormatly Prezidentimiziň Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sanly ulgam arkaly geçirilen ylym we tehnologiýalar boýunça ikinji sammitinde çykyş etmegi hem-de yslam dünýäsiniň ýurtlarynyň arasynda ylmy-tehnologik hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda anyk teklipleri öňe sürmegi ýurdumyzyň halkara durmuşynda möhüm wakalaryň biri boldy. Sammitiň gün tertibindäki meseleler bilen baglylykda orta atylan teklipdir garaýyşlaryň aňyrsynda agza döwletleriň her biriniň ykdysady kuwwatyny artdyryp, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge ýardam bermek ýaly anyk maksadyň durandygyny ilkinji nobatda aýtmak gerek. Üçünji müňýyllykda islendik ýurduň ykdysady kuwwaty kesgitlenende, ylmy-tehnologik we innowasion ösüş derejesine seredip baha berilýändigini nazara alsak, munuň özi döwür bilen aýakdaş gitmek, ýokary tehnologiýalaryň mümkinçiliklerine daýanýan intellektual jemgyýeti kemala getirmek bilen hem berk baglanyşyklydyr.

Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».