Köpugurly hyzmatdaşlyk işjeňleşdirilýär

10 Iýun 2021
917

8-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň täze bellenilen ýolbaşçysy Jon MakGregory kabul etdi.

Jenap Jon MakGregor wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, milli Liderimize Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Helga Şmidiň mähirli salamyny hem-de tutuş türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şunda ÝHHG-niň Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigi bellenildi.

«Mugallymlar gazeti».