Gazet — Okyjy — Gazet

7 Iýun 2021
1105

Ruhy iýmitiň çeşmesi

Adam hiç haçan ruhy iýmitsiz oňup bilmeýär. Bize ruhy iýmiti döwürleýin neşirler, esasan hem “Maru — şahu jahan” gazeti berýär diýsem, meniň sözüme galat diýen tapylar öýdemok. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletimizde bu neşir atly-abraýly, sylagly-sarpaly gazetleriň biri hasaplanylýar. Sebäbi “Maru — şahu jahan” her bir adam üçin gerek. Şeýle bolansoň onuň okyjysy ýyl-ýyldan köpelýär.