Belent hormatyň nyşany

2 Iýun 2021
1003

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda habarlary alyşmak hem-de habar beriş serişdeleriniň ugry boýunça özara gatnaşyklar babatda halkara hyzmatdaşlygy işjeň giňeldýär.

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar — iri habarlar agentlikleri, abraýly neşirler, meşhur teleýaýlymlar bilen bilelikde özygtyýarly türkmen döwletiniň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny giňden wagyz etmek hem-de ýurdumyzy halkara habarlar giňişligine goşmak, metbugat we elektron köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde, hususan-da, internet serişdelerinde täzelikleri, habarlary ýaýratmak, syn we seljerme materiallaryny çap etmek boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar.