Durnukly ösüşiň ekologiýa strategiýasy ykdysady diplomatiýa üçin «ýol kartasydyr»

27 Maý 2021
1117

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş tarapyndan «Gazyp alýan pudaklar durnukly ösüşiň hereketlendirijisidir» mowzugy bilen geçirilen onlaýn görnüşdäki ýokary derejeli ählumumy «tegelek stoluň» başyndaky maslahatda eden çykyşynda täze başlangyçlary öňe sürdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döredijilikli pikirleriniň we başlangyçlarynyň netijesinde ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy hil taýdan täze mazmuna eýe bolup, häzirki zamanyň halkara gatnaşyklar ulgamynyň ähli gatnaşyjylaryny özara hereketleriň proseslerine çekýän ählumumy derejedäki möhüm wezipeleriň emele gelmegi arkaly has-da işjeňleşdirilýär. Döwletimiziň Milletler Bileleşiginiň çygryndaky özara gatnaşyklaryny, şol sanda BMG-niň geňeşleriniňdir komissiýalarynyň, komitetleriniň 11-sinde agzalygyny onuň işjeň häsiýetli halkara syýasatynyň görkezijileriniň biri hökmünde nygtamak zerurdyr. 2020-nji ýylyň 14-nji martynda kabul edilen «Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021 — 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasyny» hemmetaraplaýyn durmuşa geçirmek maksady bilen, ýurdumyz BMG-niň Ösüş maksatnamasy, Ilat gaznasy, Çagalar gaznasy (ÝUNISEF), Bilim, ylym, medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO), BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň müdirligi, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy we beýleki düzümleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy has-da ýygjamlaşdyrýar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Maglumat-seljeriş departamenti.