Buýsançly pursatlaryň beýany

22 Ýanwar 2021
1378

Ýakynda Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda hormatly Prezidentimiziň welaýatymyza amala aşyran iş saparynyň netijelerine bagyşlanan hoşallyk maslahatyny geçirdik. Oňa «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň, «Lebapenergo» önümçilik birleşiginiň, «Lebaptelekom» welaýat elektrik aragatnaşyk kärhanasynyň we «Lebapgazüpjünçilik» önümçilik birleşiginiň kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynyň işjeň agzalary gatnaşdylar.

Onda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň her gezekki saparynyň şanly wakalara beslenýändigini, ýakynda Lebap topragynda bolmagynyň hem ýurdumyzyň täze taryhynyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylan açylyşlara utgaşandygyny buýsanç bilen bellediler. Owganystanda işe girizilen demir ýol böleginiň, Kerkiden Şibirgana çenli çekilen elektrik geçiriji ulgamyň, Ymamnazar — Akina hem-de Serhetabat — Turgundy optiki-süýümli halkara aragatnaşyk ulgamynyň, «Malaý» gaz käninde gaz gysyjy desganyň ulanylmaga tabşyrylmagynyň ähmiýeti barada giňişleýin gürrüň edildi. Aýratyn hem Owganystandaky işe girizilen desgalaryň goňşy ýurduň ykdysadyýetini dikeltmäge, parahatçylygy üpjün etmäge uly itergi berjekdigi barada çykyşlarda bellenildi.

Hemragül HOJIÝEWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň pudagara utgaşdyryjysy.