Sagdynlyk bagtyýarlykdyr

4 Ýanwar 2021
1529

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda döwletimizde adam saglygyny goramak babatda uly alada edilýär. Çünki jemgyýetiň sagdynlygy döwletimiziň pugta binýadydyr. Geçen ýylda, baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygynyň toýlanýan ýylynda Ak bugdaý etrabynyň çäginde «Bagabat» şypahanasynyň, Gökdepe etrabynda Ahal welaýat Ýokanç keseller hassahanasynyň gurlup, ulanylmaga berilmegi milli Liderimiziň baştutanlygynda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň subutnamasydyr. Agzalan täze desgalaryň ilatymyza ýokary derejeli lukmançylyk kömegini bermek, ygtybarly saglygy goraýşy üpjün etmek, ýurdumyzyň raýatlarynyň ömrüniň uzak bolmagyna ýardam etmek babatdaky ähmiýeti örän uludyr.

«Bagabat» şypahanasynyň tebigatyň gözel künjekleriniň birinde ýerleşmegi we onda häzirki zaman sagaldyş-şypahana merkezlerine mahsus ýokary derejeli şertleriň bolmagy uly gyzyklanma döredýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji gününde hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça Mejlisiň ýolbaşçylarydyr Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň bu döwrebap şypahana baryp görmekleri hem häzirki zaman şagaldyş merkeziniň ynsan saglygyny berkitmek babatyndaky mümkinçiliklerine aýratyn ähmiýet berilýändigini subut edýär.

Nartäç ABDYÝEWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Merkezi ylmy kitaphanasynyň I derejeli kitaphanaçysy.