Çyn gülem, galmanam solup

11 Sentýabr 2024
41

Türkmen tebigatyny al-elwan güllere bürenip, kükräp gelen baharyň gözelligi bezese, milli şygryýetimiziň näzik duýgulardan pürepür dünýäsini köňülleriň we döwürleriň saýrak bilbili, «Yşk mülküniň şasy» Mollanepesiň göwün joşduryjy şygyrlary bezeýär. Gahryman Arkadagymyzyň: «Kalbymyzda, aňymyzda «Yşk mülküniň şasy» hökmünde baky orun alan Mollanepes adamzat duýgularynyň hakyky waspçysydyr, ynsan kalbyna, ynsan ýüregine ruhy melhem beriji şahyrdyr» diýip, şahyryň döredijiligine berýän ýokary bahasy nusgawy şygryýetimiziň görnükli wekiliniň edebi eserleriniň gymmatyny kesgitleýär.

Mollanepes 1810-njy ýylda doglupdyr. Şahyryň kakasynyň ady Kadyrberdi bolup, ol döwrüniň sowatly adamy hökmünde tanalypdyr, oglan okatmak bilen hem meşgullanypdyr. Kadyrberdiniň Agajyk bagşy, Ödekberdi, Hakberdi we Mollanepes diýen ogullary bolupdyr. Mollanepes Buharadaky, Hywadaky meşhur okuw mekdeplerinde okap, türkmen nusgawy edebiýatyny, esasan hem, Magtymgulynyň döredijiligini kemsiz özleşdiripdir.

Aýjemal GAÝLYÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.