Dünýe içre alan baýragyň bilen!

10 Sentýabr 2024
81

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaly gurujy, dörediji, öňdengörüji ynsanlaryň tutanýerliligi, başarjaňlygy, gujur-gaýraty bilen täsinlikler, täzelikler ýygy-ýygydan dünýämizi gurşap alýar. Bu sözleriň subudyny gadymy Ahalda — Oguz hanyň at segreden mekanynda sanlyja ýylda bina bolan şäher görkezmeýärmi näme?! Aslynda, üç-dört ýylyň içinde gurlan «akylly» şäher dünýäde bir barmyka?! Munuň üçin azyndan birnäçe onýyllyklaryň gerekdigi hemmä mälim ahbetin.

Hut şonuň üçinem mähriban Arkadagymyzyň ajaýyp eseri — «akylly» Arkadag şäheri dünýäniň iň uly baýraklaryna, iň abraýly atlaryna mynasypdyr.

Gözel ŞAGULYÝEWA,
Türkmenistanyň Gahrymany.