«7/24.tm»:№37 (224) 09.09.2024
Salam! Meni öz erkime goýmaýan ýatlamalar! Salam! At ýaly çapyp, indem çamana öwrülen söýgi! Salam! Bizi bizden aýryp, başga bir ýaşaýşa syýahata ýollan ýyllar! Dogry, bu ikije ýyl ençeme zatlary üýtgedäýjek ýaly welin, ýok, ol hiç zady hem üýtgedip bilmändir. Meniň kalbymyň çuňlugynda sen hakyndaky saklanyp galan pikirler, seniň mähirden püre-pürlenip duran ýylgyrşyňy ýatladyp duran şol ýakymly ýatlamalar, edil ertekilerdäki ýaly, näçe müň ýyllyklardan soň gözlenip tapylan humly hazyna ýaly ýüregimiň garaňkyja ýerini ýagtyldyp durlar.