24-nji awgustda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Täjigistan Respublikasyna saparynyň çäklerinde daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Täjigistanyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddiniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Taraplar söwda-ykdysady gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyna baha berip, ulag, energetika, ekologiýa ýaly ugurlarda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynda iki ýurduň we halkyň dost-doganlygynyň nyşanyna öwrüljek Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdebiň açylyşyna görülýän taýýarlyk barada jikme-jik pikir alyşdylar.