Orazberdi ylýasy ýatlap...

21 Awgust 2024
74

Öz döwrüniň tanymal medeniýet işgärleriniň biri Orazberdi Ylýasow köp ýyllaryň dowamynda Murgap etrap medeniýet öýüniň, halk teatrynyň ýolbaşçysy bolup işlemek bilen sungata höwesjeň ýaşlaryň onlarçasyna halypalyk etdi. Onuň döreden maşgala ansambly hem welaýat, döwlet derejesindäki bäsleşiklerde üstünlikli çykyş edip, daşary ýurtlaryň hem birnäçesinde geçirilen çärelere gatnaşdy.

Orazberdiniň özi sazam çalardy, aýdymam aýdardy, sahnada keşplerem dörederdi, baýramçylyk dabaralaryny, toýlary şowhunly alyp barardy.