«Sapar edip barsak...»

21 Awgust 2024
118

Magtymguly Pyragynyň döredijiligi doganlyk türki halklaryň durmuşy we edebiýaty bilen aýrylmaz baglydyr. Magtymguly akyldar şahyr, ökde zergär bolmak bilen birlikde, syýahat etmegi-de söýüpdir. «Gündogardan günbatar...//Şäherler hatar-hatar,//Magrybystana sary» diýýän şahyr dünýäde ýurtlaryň, şäherleriň köpdügi, özüniň olary görmegiň höwesindedigi hakynda şygyrlarynda ýazypdyr. Bu babatda şahyryň «Hezarystana sary», «Bady-sabany görsem», «Bizge rowana» ýaly goşgularyny agzamak bolar. Magtymguly Pyragynyň Hindistany, Owganystany, Eýrany, Rumustany, arap ýurtlaryny görendigini şygyrlaryndan bilmek bolýar.

kyldar şahyrymyzyň syýahat eden ýurtlarynyň arasynda Azerbaýjanyň hem bolandygy tebigy ýagdaýdyr. Azerbaýjan ýurduna-da, iline-de, edebiýatyna-da söýgüsiniň uly bolandygy şahyryň goşgularyndan bellidir. Aýratyn-da, şahyr «Ýaýlahlary bar» atly meşhur goşgusynda bu ýurt, onuň gözel tebigaty hakynda köňül joşgunyna eýläp, hoş sözleri aýdýar:

Araznepes MÄMMETJUMAÝEW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň uly mugallymy, filologiýa ylymlarynyň kandidaty.