Biziň ýurdumyz Allanyň nazar salan topragy bolup, onda daglar, düzler, sähralar, köller, deňizdir derýalar bar. Şeýle bolansoň, eziz Diýarymyzyň tebigaty köpöwüşginli häsiýete eýedir.
Adama dogduk depesiniň, gözüni açyp gören ýerleriniň täsiri güýçli bolýar. Magtymgulynyň döredijiliginde köpöwüşginli tebigatyň keşbi bilen birlikde dag temasy aýratyn orun eýeleýär. Has takygy, daglaryň keşbi Magtymgulynyň döredijiliginiň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Onuň tutuş döredijiliginden dag howasynyň ysy gelýär. Munuň mysalyny şahyryň goşgularynyň köp sanlysynda görmek bolýar.