Syr­lar ha­zy­na­sy

20 Awgust 2024
177

Döredijilikde kämillige ýeten adamyň ykbal ýoly bilen gyzyklanyp başladygyň, ol kişiniň özüňe mälim bolan eserleriniň aňyrsynda gizlenip ýatan syrly pursatlaryň, pynhan duýgularyň üstünden barýarsyň. Şonda hyýalyňdaky pursatlar, duýgular näçe aç-açan, aýdyň boldugyça, şonça-da syra, tersine, pynhanlyklaram näçe gizlendigiçe, şonça-da aç-açanlyga öwrülýändir diýen pikirler peýda bolup başlaýar.

Bu ahwal dünýäniň altyn hazynasynyň ýiti şuglaly öwüşginlerine ýugrulan eserleri bilen türkmen edebiýatyna täzelik getiren ýazyjy Akmyrat Şirowda nähilikä? Muňa, özüni döredijiligiň ykbal hem pikir menzillerine, durmuşyň köp synagly, jepaly ýollaryna meýletin ýollan, güzaply ylham daglaryna meýletin «sürgün» eden ýazyjynyň şahsy gündeliginde galdyran ýazgylaryna ser salanymyzda-da, bellibir derejede düşünmek mümkin. Akmyrat Şirowyň gysgajyk terjimehalyna göz gezdirenimizde hem, onuň her hili ruhy ahwalatlary başdan geçirendigine göz ýetirmek bolýar. Ýazyjynyň gysgajyk terjimehaly şeýle: «Ýazyjy Akmyrat Şirow 1947-nji ýylda Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynda daýhan maşgalasynda dogulýar. Ol etrabyň 1-nji orta mekdebinde 11 ýyllyk orta bilimi alandan soň, şol wagtky M. Gorkiý (häzirki Magtymguly) adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rus filologiýasy fakultetine okuwa girip, ony 1971-nji ýylda üstünlikli tamamlaýar.

Döwletgeldi ANNAMYRADOW,
Türkmenistanyň halk ýazyjysy