Aýgytly kararlar — durmuşymyzy özgerdýän güýç

20 Awgust 2024
114

Durmuşda aljyradýan pursatlar az däl. Aýny wagtynda hem-de ýerinde aýgytly hereket etmek babatda ýeterlik düşünje edindik diýsegem, başyna baryp bilmeýän ýerlerimiz ýa-da bärden gaýdýan ýagdaýlarymyz bar. Şeýle pursatlarda okan, eşiden, gören zatlarymyzdan ýadymyza düşýänlerine bil baglamaly bolýarys. «Ýadymyza düşýänleri» diýýänimiň sebäbi, näme üçindir akylly-başly pikirleriň, jaýdar jogaplaryň köpüsi pursat elden gidensoň ýa-da wagty ötensoň has köp ýadymyza düşýän ýaly, «şol wagt şeýtmeli ekenim», «şeýle diýen bolsam, boljagam ekeni» diýip, ýarym ahmyrly oýlanmalara gark bolýarys. Ýöne ahmyrlar we armanlar durmuşymyzdan hiç zady üýtgedip bilmeýär. Şonuň üçin ýene-de ynsany garysyna galdyrjak göwün göteriji jümlelere ýüzlenmeli bolýarys. Şeýle günleriň birinde elime düşen bir eser duýgy-düşünjelerimiň düýpli özgermegine sebäp boldy. «Dünýä edebiýaty» žurnalynda çap edilen Entoni Robbinsiň «Özüňdäki ägirtligi oýar!» atly eseri, hut meniň üçin ýazylan ýalydy. Eseri ilki birlaý okap çykdym. Soňra ýene-de gaýtadan okadym. Muňa-da kanagat etmän, içindäki has maňza batýan sözleri depderime belläp aldym. Häli-häzirlerem şol belliklerime gaýtadan göz aýlap, maksada okgunlylygymy, yhlaslylygymy «çarhlap» durýaryn. Entoni Robbinsiň eserinden belläp alan sözlerimiň käbiri şulardy:

Eger-de durmuşymyzy öz isleýşimizçe gurasymyz gelýän bolsa, onda hereketlerimize yzygiderli gözegçilik edip durmaly ýa-da yzygiderli edýän hereketlerimize gözegçilik etmeli. Wagtal-wagtal ýa-da käte bir edýän zatlarymyz däl-de, elmydama edýän zatlarymyz durmuşymyzy emele getirýär.

Ogulsenem MUHAMMETDURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy