Deňiz ýakasyndaky söhbetler (Şahyrana oýlanma)

15 Awgust 2024
167

Meşhur rus ýazyjysy Nikolaý Nekrasowyň tomus bilen hoşlaşyşy üýtgeşik. Ol: «Awgustam ahyrlap barýar. Almalaryň «şahadan bökdi oýnaýan», süýnýän ýyldyzlaryň asmanda şagalaň guraýan, okuwçylaryň aladasyz günleriniň tamamlanýan aýy». Hakykatdanam, awgust tomsuň beýleki aýlaryndan has üýtgeşik. Yssy o diýen özüni goýbermese-de, adamlaryň sähel öwsen şemaldanam salkynlyk gözleýändir. «Öňkä görä biraz salkynlaýdymy?» diýşip, bir-biregiň göwnüni aldamaýanymyz ýokdur, şu günler. Ýöne awgustda güýzüň edil gelmese-de, golaýlaýandygynyň-a alamatlaryny görmek bolýar.

Suratkeş bolan bolsam, awgust aýy bilen baglanyşykly bir eser döretmeli diýseler, meniň çeken suratymda hökman deňiz bolardy. Sebäbi her ýyl tomsuň ahyrky aýynda deňiz bilen syrlaşmaga gitmek meniň üçin indi düzgüne öwrülip gidipdir. Deňiz bilen tomsuň ýol şaýyny tutup ýören günlerinde, güýzüňem çekine-çekine bosaganyň aňyrsyndan yşyklap ýören günlerinde söhbet etmegiň lezzetem meniň üçin diýseň üýtgeşik.

Ejegül ATABAÝEWA,
Wekilbazar etrabyndaky 35-nji orta mekdebiň mugallymy.